This document has been provided by the International Center for Not-for-Profit Law (ICNL).

Save this PDF as:
 WORD  PNG  TXT  JPG

Ebat: px
Şu sayfadan göstermeyi başlat:

Download "This document has been provided by the International Center for Not-for-Profit Law (ICNL)."

Transkript

1 This document has been provided by the International Center for Not-for-Profit Law (ICNL). ICNL is the leading source for information on the legal environment for civil society and public participation. Since 1992, ICNL has served as a resource to civil society leaders, government officials, and the donor community in over 90 countries. Visit ICNL s Online Library at for further resources and research from countries all over the world. Disclaimers Content. The information provided herein is for general informational and educational purposes only. It is not intended and should not be construed to constitute legal advice. The information contained herein may not be applicable in all situations and may not, after the date of its presentation, even reflect the most current authority. Nothing contained herein should be relied or acted upon without the benefit of legal advice based upon the particular facts and circumstances presented, and nothing herein should be construed otherwise. Translations. Translations by ICNL of any materials into other languages are intended solely as a convenience. Translation accuracy is not guaranteed nor implied. If any questions arise related to the accuracy of a translation, please refer to the original language official version of the document. Any discrepancies or differences created in the translation are not binding and have no legal effect for compliance or enforcement purposes. Warranty and Limitation of Liability. Although ICNL uses reasonable efforts to include accurate and up-to-date information herein, ICNL makes no warranties or representations of any kind as to its accuracy, currency or completeness. You agree that access to and use of this document and the content thereof is at your own risk. ICNL disclaims all warranties of any kind, express or implied. Neither ICNL nor any party involved in creating, producing or delivering this document shall be liable for any damages whatsoever arising out of access to, use of or inability to use this document, or any errors or omissions in the content thereof.

2 2 TÜRKMENISTANYŇ KANUNY XVIII - 1 Alyjylaryň hukugyny goramak hakynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., 9-10, 66- madda) (Türkmenistanyň ý., ý., ý ý. Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) Şu Kanun harytlary (işleri hyzmatlary) alyjy -graždanlaryň hak- hukugyny goramagyň hukuk ykdysady we sosial esaslaryny kesgitleýär. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler: alyjy öz şahsy hajatlary üçin harytlary (işleri hyzmatlary) peýdalanýan satyn alýan zakaz edýän ýa-da satyn almagy zakaz etmegi hyýal edýän graždandyr; taýýarlaýjy harytlary ýerlemek üçin öndürýän kärhana gurama edara kolhozlar we fermerlerdir ýa-da graždanlardyr; ýerine ýetiriji işi ýerine ýetirýän ýa-da hyzmat edýän kärhana gurama edara kolhozlar fermerlerdir ýa-da graždanlardyr; satyjy satmak satyn almak şertnamasy esasynda harytlary ýerleýän kärhana gurama edara kolhozlar fermerlerdir ýa-da graždanlardyr. Şertnama satylmaly satyn alynmaly harytlaryň ýerine ýetirmeli işleriň edilmeli hyzmatlaryň hili möhleti nyrhy we beýleki şertleri barada alyjy bilen satyjynyň (ýerine ýetirijiniň) arasynda dilden ýa-da ýazmaça baglaşylan ylalaşyk; Standart döwlet standarty sanitariýa normalary we kadalary gurluşyk normalary we kadalary döwlet farmakopiýasy hem-de beýleki dokumentler Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda harytlaryň (işleriň hyzmatlaryň) hili barada bellenýän hökmany talaplar; Sertifikasiýa standartyň talaplara harydyň (işiň hyzmatyň) laýyk gelýänligini ygtyýarly edilen organyň hökmany tassyklamasy; Kemçilik standartyň hökmany talaplaryna şertnamalarda bellenen şertlere ýada adaty bildirilýän talaplara harydyň (işiň hyzmatyň) kem-käsleýin laýyk gelmezligi şeýle hem taýýarlaýyjynyň (ýerine ýetirijiniň satyjynyň) haryt (iş hyzmat) barada beren maglumaty (informasiýasy); Düýpli kemçilik harydy (işi hyzmaty) öz niýetlenilen maksadyna laýyk ulanyp bolmajak ýa-da ulanmaga ýol bermek bolmajak ýagdaýa ýa-da şol alyjy babatda kemçiligi düzedip bolmajak ýa-da ony düzetmek üçin köp zähmet hem wagt sarp etmeli boljak ýagdaýa ýa-da harydyň (işiň hyzmatyň) şertnamada göz öňünde tutulanyndan başga hili haryda öwrülýän ýagdaýa geçirýän ýa-da düzedilenden soň ýene-de ýüze çykyp durýan kemçilik. I. bölüm UMUMY DÜZGÜNLER 1-nji madda. Alyjylaryň hukugyny goramak hakyndaky kanunlar

3 3 Alyjylaryň hukugyny goramak hakyndaky Türkmenistan kanunlary şu Kanundan we şoňa laýyklykda çykarylýan beýleki kanunçylyk aktlaryndan ybaratdyr. Eger Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamasynda alyjylaryň hukugyny goramak barada başga hili kadalar bellenen bolsa onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar. 2-nji madda. Kanunyň güýjüniň ýöreýän ugurlary Şu Kanunyň güýji Türkmenistanyň telekeçi graždanlaryna kärhanalaryna guramalaryna we edaralaryna (olaryň haýsy eýeçilik formasyna nirä degişlidigine we işiň nähili görnüşini alyp barýandygyna garamazdan) beýleki döwletleriň Türkmenistanyň territoriýasyndaky graždanlaryna hem-de graždanlygy bolmadyk adamlara degişlidir. 3-nji madda. Harytlaryň (işleriň hyzmatlaryň) hilini hem-de alyjynyň harytlary peýdalanyp bilmek mümkinçiligini üpjün etmek barada taýýarlaýjynyň ýerine ýetirijiniň satyjynyň borçlary 1. Taýýarlaýyjy ýerine ýetiriji satyjy aşakdakylara borçludyrlar: hili boýunça standartlaryň hökmany talaplaryna şertnamanyň şertlerine şeýle hem harytlar (işler hyzmatlar) hakynda özleriniň alyja beren maglumatlaryna (informasiýasyna) laýyk gelýän harydy öndürmäge ony alyjy satmaga ýerine ýetirilen işiň netijelerini bermäge hyzmat etmäge; harytlar (işler hyzmatlar) hakynda alyja zerur hem hakykata laýyk gelýän şol harytlary akylly-başly saýlap bilmäge mümkinçilik berýän maglumaty (informasiýany) öz wagtynda bermäge. Harytlaryň (işleriň hyzmatlaryň) aýry-aýry görnüşleriniň sanawyny hem-de maglumaty alyja ýetirmegiň usullaryny Türkmenistanyň ministrler kabineti belleýär; öz kärhanasyny işikde kakylyp goýulýan ýazgy (wyweska) bilen üpjün etmäge; onda kärhananyň alyp barýan iş ugruny we işiniň guralyşynyň formalaryny firma adyny ýuridiki adresini (öz kärhanasynyň ýerleşýän ýerini) görkezmäge hem-de eger söwda we hyzmat etmek işi söwda kärhanasynyň durmuş hyzmatyny ýa-da onuň başga görnüşlerini edýän kärhananyň hemişelik ýerleşýän ýerinden başga ýerde geçirilýän bolsa iş düzgüni (režimi) hakyndaky maglumat bilen üpjün etmäge; harytlary taýýarlamak işleri ýerine ýetirmek hyzmatlary etmek barada ulanylýan kadalar hakynda alyjylary habarly etmäge; hökmany suratda harytlaryň (işleriň hyzmatlaryň) sertifikaty bilen üpjün etmäge. 2. Harytlar (işler hyzmatlar) hakyndaky maglumatda şu aşakdakylar hökman görkezilmelidir: harytlar (işler hyzmatlar) barada hökmany talaplar bildirýän standartlaryň ady; harytlaryň (işleriň hyzmatlaryň) esasy isleg ödeýiş häsiýetleri iýmit önümleri barasynda bolsa olaryň düzümi (şol sanda hem şolar taýýarlananda peýdalanylan

4 başga iýmit önümleriniň we azyk garnuwlarynyň sanawy) agramy hem-de göwrümi ýokumlylyk (kolorýalylyk) derejesi standartlaryň hökmany talaplaryna garanda adamyň saglygy üçin zyýanly maddalaryň möçberi hem-de keselleriň aýry- aýry görnüşleri üçin ulanmaga ýaramaýanlygy (iýmek bolmaýanlygy); harytlaryň (işleriň hyzmatlaryň) bahasy we satyn alynmagyň şertleri; taýýarlaýyjynyň (ýerine ýetirijiniň) kepillendirilen borçnamalary; harytlary (işleri hyzmatlary) ýerlikli we howpsuz ulanmagyň kadalary hem şertleri; harytlaryň (işleriň netijeleriniň) hyzmat ediş (ýaramlylyk) möhleti we şol möhlet tamamlanandan soň alyjynyň etmeli zerur hereketleri hakynda şeýle hem şol hereketleri ýerine ýetirmedik mahalynda onuň getiräýmegi mümkin boljak netijeleri hakyndaky maglumatlar; taýýarlaýjynyň (ýerine ýetirijiniň satyjynyň) adresi hem-de alyjynyň bildirýän nägileliklerini kabul edip almaga taýýarlaýjy (satyjy) tarapyndan ygtyýarly edilen kärhanalaryň şeýle hem remont we tehniki hyzmat edýän kärhanalaryň adresi. Harytlar (işler hyzmatlar) barasynda alyja olaryň sertifikasiýasy hakynda magulmat bermelidir. Belli bir şertlerde alyjynyň janyna we saglygyna howp döretmegi mümkin bolan harytlar (işler hyzmatlar) barasynda taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji satyjy) şol zatlaryň edýän täsiriniň görnüşleri hem-de getirip biläýjek netijeleri hakyndaky maglumaty (informasiýany) alyjynyň dykgatyna ýetirmäge borçludyr. Işler (hyzmatlar) barasynda alyja olary ýerine ýetirmegiň (biritmegiň) kadalary hakynda maglumat bermelidir. 3. Şu maddanyň 2-nji punktunda göz öňünde tutulan maglumat harytlaryň (işleriň hyzmatlaryň) ýanyna goşulýan tehniki dokumentasiýada etiketkada belgi goýmak (markalamak) taýýarlanan wagtyny ulanmaga ýaraýan möhletini we saklamak şertlerini görkezmek arkaly ýa-da harytlaryň (işleriň hyzmatlaryň) aýryaýry görnüşleri üçin ýa-da hyzmat etmegiň aýry-aýry ugurlary barada kabul edilen başga usul bilen alyjynyň dykgatyna ýetirilýär. Harytlaryň gabynda görkezilen maglumatlar edil harytlaryň özi baradaky ýaly bolmalydyr. Türkmenistanda gaplanan iýmit önümlerinde olaryň gelip çykan ýeri hakyndaky maglumat bolmalydyr. 4. Telekeçilik işi bilen meşgullanýan adam şu maddanyň 1-3-nji punktlarynda görkezilen maglumata goşmaça edip özüniň bellikden (registrasiýadan) geçendigi hem-de haýsy organyň bellige alandygy hakynda şeýle hem özüniň ýerleýän harytlary (işleri hyzmatlary) üçin talaplary hökmany bolan standart hakyndaky maglumaty goşmaça bermelidir hem-de olaryň sertifikasiýa edilendigi hakyndaky maglumaty bermelidir. 5. Taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji) aşakdakylara borçludyr: haryt (ýerine ýetirilen işiň netijeleri) barada taýýarlaýjynyň (ýerine ýetirijiniň) hut özi tarapyndan ýa-da alyjy bilen ylalaşmak arkaly bellän hyzmat ediş möhletiniň dowamynda eger uzak wagt peýdalanylýan harydyň hyzmat ediş möhleti bellenmedik bolsa on ýylyň dowamynda şol harydyň (ýerine ýetirilen işiň netijeleriniň) öz niýetlenilişi ýaly peýdalanmak mümkinçiligini üpjün etmäge; 4

5 harydyň öndürilýän bütin möhletiniň dowamynda harydyň öndürilmegi önümçilikden aýrylandan soň bolsa şu punktuň birinji böleginde görkezilen möhletleriň dowamynda şol harydy remont etmek we oňa tehniki hyzmat etmek mümkinçiligini üpjün etmäge; harydyň (işleriň hyzmatlaryň) alyjynyň jany we saglygy üçin howpsuz bolmagyny şeýle hem harydyň (işiň hyzmatyň) töwerekdäki sreda hem-de alyjynyň emlägine bellenen hyzmat ediş möhletiniň dowamynda eger uzak wagt peýdalanylýan harydyň hyzmat ediş möhleti bellenmedik bolsa on ýylyň dowamynda zyýan ýetirilmezligini üpjün etmäge; harytlary (işleri hyzmatlary) howpsuz peýdalanmak olary saklamak daşamak gaýtadan ulanmak üçin gerek bolan ýörite kadalary işläp taýýarlamagy üpjün etmäge hem-de şol kadalary harydyň ýanyna goşmaga; öz kärhanasynyň adyny we onuň ýerleşýän ýerini alyjynyň dykgatyna ýetirmäge. 6. Satyjy (ýerine ýetiriji) harytlary (işleri hyzmatlary) howpsuz peýdalanmak olary saklamak daşamak we gaýtadan ulanmak baradaky ýörite kadalary alyjynyň dykgatyna ýetirmäge borçludyr. II. bölüm TAÝÝARLAÝJYNYŇ (SATYJYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJINIŇ) JOGAPKÄRÇILIGI 4-nji madda. Degerli maglumat berilmänligi üçin jogapkärçilik 1. Eger haryt (iş hyzmat) hakynda şeýle hem taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji satyjy) hakynda nädogry ýa-da ýeterlik doly bolmadyk maglumatyň berilmegi; alyjy üçin zerur bolan häsiýetleri bolmadyk harydyň (işiň hyzmatyň) satyn alynmagyna getiren bolsa alyjynyň şertnamany ýatyrmaga hem-de özüne ýetirilen zyýanyň öwezini töledip almaga haky bardyr; satyn alnan harydy (işi hyzmaty) öz niýetlenilşi ýaly ulanmagyň mümkin däldigine getiren bolsa onda alyjynyň özüne degerli maglumat berilmegini talap etmäge haky bardyr. Eger maglumat dilleşilen möhletde berilmese alyjynyň şertnamany ýatyrmaga hem-de özüne ýetirilen zyýanyň öwezini töledip almaga haky bardyr; alyjynyň janyna saglygyna we emlägine zyýan ýetirmegine getiren bolsa onuň satyja (taýýarlaýja ýerine ýetirijä) şu Kanunyň 5-nji maddasynda göz öňünde tutulan talaplary bildirmäge şeýle hem eýeçilik hukugy esasynda ýa-da kanunda ýa şertnamada göz öňünde tutulan beýleki esaslara görä alyjynyň eýelik etmeginde durýan tebigy obýektlere ýetirilen zyýanyň öwezini tölemegini ondan talap etmäge haky bardyr. 2. Alyjynyň haryt (iş hyzmat) hakyndaky nädogry ýa-da ýeterlik doly bolmadyk maglumatyň berilmegi bilen özüne ýetirilen zyýanyň öweziniň tölenilmegi baradaky talabyna seredilende şol harydyň (işiň hyzmatyň) sypatlaryna we häsiýetnamalaryna alyjy ýeterlik akyl ýetirip biläýýän däldir diýen çaklamadan ugur almak zerurdyr. 5

6 3. Şu Kanunyň 3-nji maddasynyň 2-nji punktundaky düzgünler birsyhly bozulyp gelinen mahalynda taýýarlaýjynyň (ýerine ýetirijiniň satyjynyň) işi «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň organlarynyň we Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrliginiň döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň görkezmesi esasynda Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde togtadylyp (ýatyrylyp) bilner. 5-nji madda. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hilini hem-de alyjynyň olary peýdalanyp bilmek mümkinçiligini üpjün etmek baradaky öz borçlaryny ýerine ýetirmänligi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmänligi üçin jogapkärçilik 1. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hilini hem-de alyjynyň olary peýdalanyp bilmek mümkinçiligini üpjün etmek baradaky öz borçlaryny ýerine ýetirmänligi üçin ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmänligi üçin taýýarlaýjy (satyjy, ýerine ýetiriji) şu Kanunda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýär. Eger taýýarlaýjy (satyjy, ýerine ýetiriji) borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini bozan bolsa, munuň üçinem şu Kanunda jogapkärçilik bellenmedik bolsa, onda Türkmenistanyň kanunlarynda ýa-da alyjy bilen taýýarlaýjynyň (satyjynyň, ýerine ýetirijiniň) arasynda baglaşylan şertnamada munuň üçin jogapkärçilik göz öňünde tutulyp, şeýle hem has ýokary jogapkärçilik çäresi bellenilip bilner. 2. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) kemçiliginiň bolmagy netijesinde alyja ýetirilen zyýanyň öwezi şu Kanunda bellenen temmi pulunyň (neustoýkanyň) daşyndan tölenilmelidir. 3. Temmi pulunyň we ýetirilen zyýanyň öweziniň tölenilmegi satyjyny (taýýarlaýyjyny, ýerine ýetirijini) şu Kanun esasynda alyjy barada özlerine ýüklenen borçlary ýerine ýetirmekden boşatmaýar. 4. Eger satyjy (taýýarlaýjy, ýerine ýetiriji) borçlaryň ýerine ýetirilmezligine ýada talaba laýyk ýerine ýetirilmezligine öňüni alyp bolmajak güýjüň sebäp bolandygyny, şeýle hem şu Kanunda göz öňünde tutulan başga esaslar sebäp bolandygyny subut edip bilse, onda ol borçlaryň ýerine ýetirilmänligi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmänligi üçin jogapkärçilik çekmekden boşadylýar. 5. Alyjynyň şu Kanunda, alyjylaryň hukuklary hakyndaky beýleki kanunçylyk aktlarynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan temmi pulyny (neustoýkany) tölemek hakyndaky talabyny satyjy (taýýarlaýjy, ýerine ýetiriji) meýletin kanagatlandyrylmalydyr. 6. Taýýarlaýjynyň (satyjynyň, ýerine ýetirijiniň) borçlaryndan gelip çykýan, şu Kanun arkaly bellenen talaplar, ýagny alyjynyň (alyjylaryň jemgyýetçilik guramalarynyň) talaplary kanagatlandyrylanda, sud alyjynyň talaplaryny meýletin kanagatlandyrmak düzgünini berjäý etmänligi üçin, alyjynyň hukugyny bozan satyjydan (taýýarlaýjydan, ýerine ýetirijiden) bildirilen talapnamanyň bahasy möçberinde degişli býujete jerime töletdirip almak hakynda karar çykarmaga haklydyr. 6

7 6-njy madda. Harydyň (işiň, hyzmatyň) kemçiliginiň bolmagy netijesinde ýetirilen zyýan üçin emläk jogapkärçiligi 1. Harydyň (işiň, hyzmatyň) konstruktiw, önümçilik, reseptura kemçilikleriniň we gaýry kemçilikleriniň bolmagy netijesinde alyjynyň janyna, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýanyň öwezi, eger Türkmenistanyň kanunçylyk aktlarynda has ýokary jogapkärçilik çäresi göz öňünde tutulmadyk bolsa, doly möçberde tölenilmelidir. 2. Harydyň (işiň, hyzmatyň) kemçiligiň bolmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini tölemek talaby heläkçilik çeken her bir alyjy üçin (onuň taýýarlaýjy, ýerine ýetiriji, satyjy bilen şertnama gatnaşyklarynda duranlygyna- durmanlygyna garamazdan), ol aradan çykan mahalynda bolsa onuň mirasdarlary ýa-da onuň eklenjinde bolýan adamlar üçin ykrar edilýär. Alyjynyň janyna, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilenp zyýanyň öwezi şu Kanunyn, 10-njy maddasynda bellenen möhletde tödenilmelidir. 3. Şu Kanunyň 10-njy maddasynyň 1-nji punktunda we 22-nji maddasynyň 2-nji punktunda bellenen möhletleriň dowamynda harydyň kemçilikleri netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini taýýarlaýjy (satyjy ýa-da ýerine ýetiriji) tölemelidir. Harydyň kepillendirme möhleti geçenden soň ýüze çykarylan kemçiliginiň bolmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini taýýarlýaýjy töleýär. Işiň (hyzmatyň) kemçiliginiň bolmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini ýerine ýetiriji töleýär. 4. Materiallaryň, enjamlaryň, abzallaryň, gurallaryň hem-de haryt öndürmek (işleri ýerine ýetirmek, hyzmat etmek) üçin zerur bolan beýleki serişdeleriň ulanylmagy netijesinde alyjynyň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan üçin, ylmy we tehniki bilimleriň derejesiniň şol zatlaryň aýratyn sypatlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berendigine bermändigine garamazdan, taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji) jogankärçilik çekýär. 5. Eger taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji, satyjy) zyýanyň ýetirilmegine öňüni alyp bolmajak güýjüň sebäp bolandygyny ýa-da alyjynyň harydy ulanmak we saklamak kadalaryny bozmagynyň sebäp bolandygyny subut edip bilse, ol jogapkärçilik çekmekden boşadylýar. 7-nji madda. Moral taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini tölemek Alyjynyň hukugyny goramak hakyndaky kanunlarda göz öňünde tutulan öz borçlaryny taýýarlaýjynyň (ýerine ýetirijiniň, satyjynyň) ýerine ýetirmezligi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmezligi netijesinde alyja moral taýdan ýetirilen zyýany kim ýetiren bolsa, ol şol zyýanyň öwezini tölemelidir. Ýetirilen zyýanyň tölenmeli möçberini, eger kanunçylyk aktlarynda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, sud kesgitleýär. III bölüm. ALYJYNYŇ HARYT SATYLANDA HUKUGYNY GORAMAK 7

8 8 8-nji madda. Alyjynyň hukugyny kemsidýän şertnamanyň şertleriniň hakyky dälligi 1. Şertnamanyň kanuna ters gelýän hem-de alyjynyň hukugyny kemsidýän şertleri hakyky däl diýilip hasap edilýär. Eger alyjynyň hukugyny kemsidýän şertnamanyň şertleriniň ulanylmagy netijesinde, ol zyýan çeken bolsa, onda onuň öwezini taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji, satyjy) doly möçberde tölemelidir. 2.Haýsydyr bir harytlar (işler, hyzmatlar) satyn alynanda hökmany başga bir harytlary (işleri, hyzmatlary) hem satyn almaly diýen şertiň goýulmagy gadagan edilýär. Alyjynyň harytlary (hyzmatlary, işleri) erkin saýlap-seçip almak baradaky hukugynyň bozulmagy netijesinde onuň çeken zyýanynyň öwezini taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji, satyjy) doly möçberde töleýär. Taýýarlaýjynyň (ýerine ýetirijiniň, satyjynyň) tölegli edilýän goşmaça hyzmatlary alyjynyň boýnuna dakjak bolmaga haky ýokdur. Alyjynyň özi bilen ylalaşylman edilen goşmaça hyzmatlaryň hakyny tölemezlige haky bardyr. 9-njy madda. Kemçiligi bolan harytlary satmagyň netijeleri 1. Özüne kemçilikli haryt satylan alyjy eger şol kemçilik barada satyjy bilen öňünden gepleşilip ylalaşylmadyk bolsa, onuň şu aşakdakylardan haýsy-da bolsa birini talap etmäge haky bardyr: a) harydyň kemçiligini mugt bejerip bermek ýa-da alyjynyň ýa-da üçünji bir adamyň şol kemçilikleri düzedenligi üçin onuň çykaran harajatynyň öwezini tölemek; b) satyn alyş bahasyny degişli suratda kemeltmek; w) şoňa meňzeş markadaky (modeldäki, artikuldaky) haryt bilen çalyşmak; g) başga markadaky, (modeldäki, artikuldaky) şonuň ýaly haryt bilen çalyşmak (şunda onuň satyn alyş bahasy degişli suratda täzeden hasaplanýar); d) şertnamany ýatyryp, çekilen zyýanyň öwezini tölemek. Bölek satuw komission söwda kärhanalarynyň üsti bilen satylýan harytlar barasynda alyjynyň şu maddanyň 1-nji punktunyň a,b,w,g podpunktunda görkezilen talaplary satyjynyň razylygy bilen kanagatlandyrmalydyr. 2. Şu maddanyň 1-nji punktunda bellenen talaplar alyjynyň isleýşine görä, şol harydyň satyn alynan ýerinde ýa-da alyjynyň bolýan ýerinde bildirilýär. Şol görkezilen talaplary alyjynyň bolýan ýerinde satyjy tarapyndan döredilen we alyjynyň satyn alan harydyna meňzeş bolan harytlary satmak işini amala aşyrýan şol söwda kärhanalary ýa-da şertnama esasynda öz üstüne şeýle wezipeler ýüklenen söwda kärhanalary ýerine ýetirýärler. Satyjy bilen taýýarlaýjy alyjynyň bolýan ýerinde şu maddanyň 1-nji we 3-nji punktlarynda bellenen talaplary ýerine ýetirýän kärhanalar (mundan beýläk «olaryň wezipelerini ýerine ýetirýän kärhanalar» diýilip alynýar) hakynda alyja habar bermäge borçludyrlar.

9 Eger-de alyjy ýokarda görkezilşi ýaly habarly edilmese satyjy bilen taýýarlaýjy şu Kanunyň 4-nji maddasynda görkezilen jogapkärçiligi çekýärler. Harydy taýýarlaýjy alyjynyň şu maddada göz öňünde tutulan talaplaryny kanagatlandyrmak bilen baglanşykly çekilen çykdajylaryň öwezini harydy satyjy bolup durmaýan söwda kärhanasyna doly möçberde tölemäge, şeýle hem şol söwda kärhanasyna onuň eden çykdajysynyň on prosenti möçberinde goşmaça pul tölemäge borçludyr. Taýýarlaýjy bilen söwda kärhanasynyň-satyjynyň arasyndaky şu madda-da bellenen özara gatnaşyklar kanun arkaly düzgünleşdirilýär. 3. Alyjynyň kemçilikleri mugt düzedip bermekleri ýa-da şol kemçilikleri düzetmek üçin özüniň eden hajatlarynyň öwezini tölemekleri hakynda ýa-da harydy çalşyrmaklary hakynda harydy taýýarlaýja ýa satyja ýa-da ýokarda görkezilen maksat bilen döredilen kärhanalara ýa-da taýýarlaýjy (onuň wezipesini ýerine ýetirýän kärhana) bilen şertnama esasynda şol talaplary ýerine ýetirýän kärhanalara talap bildirmäge haky bardyr. Alyjynyň şeýle talaplary bildirmegiň ýerine kemçiligi bolan harydy taýýarlaýja gaýtaryp bermäge we onuň üçin özüniň tölän puluny talap edip almaga haky bardyr. 4. Alyjy kemçiligi bolan azyk harytlaryny satyn alan mahalynda, satyjy şol harydy hili ýaramaz bolmadyk haryt bilen çalyşmaga ýa-da alyja onuň tölän puluny gaýtaryp bermäge borçludyr. 5. Alyjy haryt (kassa) çekini görkezen mahalynda, kepillenidirme möhleti bellenen harytlar barada bolsa harydyň tehniki pasportyny ýa-da onuň ornuny tutýan başga dokumenti görkezen mahalynda onuň talaplaryna seredilýär. Satyjy alyja haryt çekini ýa-da harydyň satyn alnandygyny tassyklaýan başga dokumenti bermäge borçludyr. Alyjy harydyň tehniki pasportyny ýa-da onuň ornuny tutýan dokumenti ýitiren mahalynda olary täzeden bermek işi Türkmenistanyň graždan kanunlarynda bellenen tertipde amala aşyrylýar. Eger satyjy, taýýarlaýjy (olaryň wezipesini ýerine ýetirýän kärhana) harytdaky kemçilikleriň ony ulanmak we saklamak kadalarynyň alyjy tarapyndan bozulmagy, üçünji bir adamlaryň eden hereketleri netijesinde dörändigini subut edip bilmeseler, harydy alyjyda kabul etmäge we onuň kanagatlandyrmaga borçludyrlar. Harydyň hilini barlamaga alyjynyň gatnaşmaga haky bardyr. 6.Gawarasy uly bolan harytlary we agramy 15 kilogramdan geçýän harytlary bejermek, bahasyny arzanlatmak, çalyşmak we olary alyja gaýtaryp bermek üçin äkidilende, bu iş satyjynyň, taýýarlaýjynyň (olaryň wezipesini ýerine ýetirýän kärhananyň) güýji bilen muzdsuz ýerine ýetirilýär. Ýokarda görkezilen borç ýerine ýetirilmedik wagtynda, şeýle hem alyjynyň bolýan ýerinde satyjy, taýýarlaýjy (olaryň wezipesini ýerine ýetirýän kärhana) bolmadyk wagtynda harydy alyjynyň özi äkidip getirip biler. Şunda satyjy, taýýarlaýjy (olaryň wezipesini ýerine ýetirýän kärhana) alyja şol harydy äkitmek, yzyna getirmek üçin zerur bolan çykdajylary tölemäge borçludyrlar. 9

10 10-njy madda. Harydyň kemçilikleri barasyndaky talaplary bildirmegiň möhletleri 1. Eger harytdaky kemçilikler taýýarlaýjynyň bellän kepillendirme möhletiniň dowamynda ýüze çykarylan bolsa, onda alyjynyň şu Kanunyň 6-9-njy maddalarynda görkezilen talaplary bildirmäge haky bardyr. Eger kemçilik alty aýyň dowamynda ýüze çykarylan bolsa, gozgalmaýan emläk barasynda bolsa onuň alyja berlen gününden beýläk iki ýyldan gijikdirilmän ýüze çykarylan bolsa (eger kanunlarda ýa-da şertnamada has uzak möhlet bellenmedik bolsa), onda kepillendirme möhletleri bellenmedik harytlar barasynda alyjynyň ýokarda görkezilen talaplary bildirmäge haky bardyr. 2. Wagtyň geçmegi bilen isleg ödeýiş häsiýetleri ýaramazlaşmagy mümkin bolan ýa-da belli bir wagtyň geçmegi bilen alyjynyň janyna, saglygyna, emlägine we töwerekdäki sreda howp salmagy mümkin bolan harytlar (iýmit önümleri, parfomeriýa-kosmetika harytlary, däri-dermanlar, durmuş himiýasy önümleri we başgalar) öçin ýaramylyk möhletleri bellenilýär. Ýaramlylyk möhleti geçen harytlary satmak gadagandyr. Şol görkezilen harytlar barasynda alyjynyň şu Kanunyň 6-9-njy maddalarynda bellenen talaplary, eger harytdaky kemçilikler ýaramlylyk möhletiniň dowamynda ýüze çykarylan bolsa, kanagatlandyrylmalydyr. 3. Şu maddanyň 1-nji punktunda görkezilen möhletler, şeýle hem harydyň hyzmat ediş möhleti onuň alyja satylan gününden hasaplanylýar. Eger harydyň satylan gününi anyklamak mümkin bolmasa, şol möhletler onuň taýýarlanylan gününden hasaplanylýar. Möwsümleýin ulanylýan harytlar (aýakgap, geýim we başgalar) üçin bu möhletler degişli möwsümiň gelip ýeten pursatyndan hasaplanylýar, möwsüm bolsa alyjylaryň bolýan ýerindäki klimat şertlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenýär. Haryt nusgalar boýunça, poçta üsti bilen satylan mahalynda, şeýle hem satmaksatyn almak şertnamasynyň baglaşylan pursaty bilen harydy alyja bermek pursatynyň biri-birine gabat gemedik halatlarynda şol möhletler harydyň alyja eltilen gününden hasaplanylýar, eger-de haryt ýörite usul bilen oturdylmaly (birikdirilmeli) ýa-da ýygnamaly-gurnamaly bolsa- onuň öndürilen gününden hasaplanylýar. Eger-de harydyň eltilen, oturdylan (birikdirilen) ýa-da ýygnalan-gurnalan, şeýle hem gozgalmaýan emlägiň berlen gününi anyklamak mümkin bolmasa, ýa-da şol emläk alyjyda satmak-satyn almak şertnamasy baglaşylýança duran bolsa satmak-satyn almak şertnamasynyň baglaşylan gününden hasaplanylýar. Harydyň ýaramlylyk möhleti onuň taýýarlanan gününden hasaplanylýar. Ýaramlylyk möhleti ýa-ha harydyň ulanmaga ýaraýan wagtyny öz içine alýan döwür bilen, ýa-da harydy haýsy güne çenli ulanmak bolýan bolsa, şol sene bilen kesgitlenilýär. 4.Kepillendirme möhletleri aýry-aýry düzme (komplektleýji) önümler üçin ýa-da esasy harydyň düzüm bölekleri üçin bellenilip bilner. Düzme (komplektleýji) önümler üçin we esasy harydyň düzüm bölekleri üçin bellenýän kepillendirme möhleti esasy 10

11 önüm üçin kepillendirme möhleti nähili hasaplanylýan bolsa, şonuň ýaly tertipde hasaplanylýar. 5. Şu maddada görkezilen haryt hakyndaky maglumatyň üsti bilen alyjynyň dykgatyna ýetirilýär. 6. Kepillendirme möhletleri gutarandan soň, alyjynyň harytdaky kemçilikleri mugt düzetmek hakynda taýýarlaýja talap bildirmäge haky bardyr. Şol talap harydyň bellenen hyzmat ediş möhletiniň dowamynda, eger hyzmat ediş möhleti bellenmedik bolsa- on ýylyň dowamynda (eger harytda taýýarlaýjynyň günäsi bilen düýpli kemçilikleriň goýberilendigi ýüze çykarylan bolsa) bildirilip bilner. Eger şol talap şu Kanunyň II-nji maddasynda göz öňünde tutulan möhletde kanagatlandyrylmadyk bolsa, alyjynyň öz isleýşine görä, taýýarlaýja şu Kanunyň 9-njy maddasynda bellenen başga talaplary bildirip biler. 7. Alyjynyň şu Kanunyň 9-njy maddasynda bellenen talaplary satyja, taýýarlaýja (olaryň wezipesini ýerine ýetirýän kärhana) şu maddada göz öňünde tutulan möhletler geçenden soň on günden gijä goýulman bildirilmelidir. 11-nji madda. Harydyň kemçiliklerini düzetmek Harytda ýüze çykarylan kemçilikleri taýýarlaýjy (onuň wezipesini ýerine ýetirýän kärhana) alyjynyň degişli talaby bildiren pursatyndan beýläk 10 günüň dowamynda, satyjy (onuň wezipesini ýerine ýetirýän kärhana) bolsa 20 günüň dowamynda düzetmelidir. Uzak wagt peýdalanylýan harytlar barada satyjy, taýýarlaýjy (onuň wezipesini ýerine ýetirýän kärhana) alyjy tarapyndan talap bildirilenden soň oňa harydyň bejerilýän wagtyna barabar wagta şol harydyna meňzeş harydy muzduz bermäge we ony öz hasabyna eltmäge borçludyrlar. Şu talap degişli bolmaýan harytlaryň sanawyny Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär. Harytdaky kemçilikler düzedilen mahalynda kepillendirme möhleti şol ahryt näçe wagtlap ulanylmadyk bolsa, şol wagta barabar hem uzaldylýar. Şu görkezilen wagt alyjynyň kemçilikleri düzetmek hakyndaky talap bilen ýüz tutan gününden hasaplanylýar. Harydyň kemçilikleri onuň kepillendirme möhletleri bellenen düzüme (komplektleýji) önümini ýa-da harydyň düzümine girýän bölegini çalşyrmak arkaly düzedilende, täze düzüme (komplektleýji) önüm we harydyň düzüm bölegi üçin bellenýän kepillendirmelere möhleti harydyň bejerilenden soň alyja berlen günüden hasaplanylýar. 12-nji madda. Kemçiligi bolan harydy çalyşmak Alyjy harytda kemçiligiň barlygyny ýüze çykaran mahalynda satyjy, taýýarlaýjy (olaryň wezipesini ýerine ýetirýän kärhana) olary çalyşmaga borçludyrlar, satyjynyň, taýýarlaýjynyň (olaryň wezipesini ýerine ýetirýän kärhananyň) harydyň hilini goşmaça barlamagy zerur bolan mahalynda bolsa alyjynyň talap bildiren pursatyndan beýläk 20 günüň dowamynda çalyşmaga borlçludyrlar. 11

12 Degişli talabyň bildirilen pursatynda satyjyda, taýýarlaýjyda (olaryň wezipesini ýerine ýetirýän kärhanada) çalyşmak üçin zerur bolan ýok mahalynda, ol ony bir aýyň içinde çalyşmalydyr. Haryt çalyşylanda kepillendirme möhleti harydyň alyja berlen gününden beýläk täzeden hasaplanylýar. 13-nji madda. Alyjynyň, talaplaryny ýerine ýetirmek möhletiniň geçirilmegi üçin jogapkärçilik Şu Kanunyň 11-nji we 12-nji maddalarynda görkezilen möhletleriň geçirilen her gün üçin, şeýle hem alyjynyň harydynyň bejerilýän (çalyşylýan) wagtyna barabar wagta özüne şol harydynyň ýerine şoňa meňzeş harydyň berilmegi baradaky talabynyň bökdelen her güni üçin, şeýle düzgün bozma ýol beren satyjy, taýýarlaýjy (olaryň wezipesini ýerine ýetirýän kärhana) alyja şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 5-nji we 6-njy punktlarynda göz öňünde tutulan tertipde harydyň gymmatynyň bir prosent möçberinde temmi pulyny (neustoýka) töleýär. 14-nji madda. Alyjy kemçiligi bolan harydy satyn alan mahalynda onuň bilen hasaplaşyk geçirmek Kemçiligi bolan haryt şol markadaky (modeldäki, artikuldaaky) haryt bilen çalyşylan mahalynda nyrh üýtgese, onuň gymmaty täzeden hasaplanyp çykarylmaýar. Şertnama ýatyrylan mahalynda alyjy bilen hasaplaşyk geçirilende, eger harydyň bahasy gymmatlan bolsa, onda şol harydyň degişli talabyň bildirilen pursatyndaky gymmatyndan ugur alnyp, eger harydyň bahasy arzanlan bolsa, onda şol harydyň satyn alnan pursatyndaky gymmatyndan ugur alnyp geçirilýär. Kemçiligi bolan haryt başga markadaky (modeldäki, artikuldaky) haryt bilen çalşylan mahalynda, eger onuň bahasy gymmatlan bolsa, onda şol harydyň çalşylan pursatynda ulanylan nyrhdan ugur alnyp hasaplaşyk geçirilýär. Harydy karzyna (kredit) satyn alan alyjylara, eger satmak - satyn almak şertnamasy ýatyrylýan bolsa, onda pul şol harydyň yzyna berlen pursatyna çenli üzülen möçberindee gaýtarylyp berilýär, şonuň ýaly-da şol harydyň berlenligi üçin tölenen hakyň öwezi hem tölenilýär. 15-nji madda. Alyjynyň talaba laýyk hilli harydy çalyşmak baradaky hukugy 1. Eger alyjynyň talaba laýyk hili azyk däl harydy öz formasy, gabarasy, fasony, reňki, ölçegi boýunça göwnüne ýaramadyk bolsa ýa-da başga sebäplere görä ony niýetlenişi ýaly ulanyp bilmejek bolsa, onda onuň şol harydy öz satyn alan söwda kärhanasynda şoňa meňzeş harydy çalyşmaga haky bardyr. Alyjynyň talaba laýyk hilli harydy on günüň içinde (satyn alnan gün hasap edilmeýär) çalyşmaga haky bardyr. 12

13 Talaba laýyk hilli haryt eger ulanylmadyk bolsa, onuň harytlyk göenüşi, isleg ödeýiş häsiýetleri, plobmalary, fabrik ýarlyklary, şeýle hem alyja satylan haryt bilen bilelikde berlen haryt çeki ýa-da kassa çeki saklanan bolsa çalyşylýar. Şu maddada görkezilen esaslara görä çalşylmaga degişli bolan harytlaryň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýar. 2. Eger a1yjynyň satyja ýüz tutan pursatynda satuwda özüniňkä meňzeş haryt bolmasa, onda alyjynyň öz isleýşine görä, şertnamany ýatyrmaga we haryt üçin tölenen puluň özüne gaýtarylyp berilmegini talap etmäge ýa-da satuwa degişli haryt geldigi özüniňkä meňzeş haryt bilen çalyşmaga haky bardyr. Satyjy harydy çalyşmagy talap eden alyja şol harydyň satuwa gelendigini habar etmäge borçludyr. 16- njy madda. Satyn alynýan harytlaryň bahasyny tölemegiň formasy we tertibi Satyn alynýan harytlaryň bahasyny tölemegiň formasyny (nagt ýa-da nagt däl görnüşde) alyjy bilen satjynyň ylalaşmagy esasynda kesgitlenilýär. Harytlar karzyna (kredit) satmak işi harytlary karzyna satmak kadalarynda bellenilýän tertipde geçirilýär, şol kadalar bolsa Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýar. Harytlar karzyna satyn alnanda, eger şertnamada başga hili göz öňünde tutlmadyk bolsa, alyjy harydyň özüne berlen pursatyndan eýeçilik hukugyna eýe bolýar. 17- nji madda. Satmak-satyn almak şertnamalarynyň aýry-aýry görnüşleri hakyndaky kadalar Satmak-satyn almak şertnamalarynyň aýry-aýry görnüşleri hakyndaky kadalar, şeýle hem harytlaryň aýry-aýry görnüşlerini satmak hakyndaky kadalar Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýar. 18-nji madda. Söwda, durmuş hyzmaty we hyzmatyň, başga görnüşleri barasynda ýeňillikler hem-de artykmaçlyklar almak hukugy Alyjynyň özüne ýeňillikler we artykmaçlyklar berilmegini (eger munuň özi Türkmenistanyň kanunçylyk aktlarynda göz öňünde tutulan bolsa) talap etmäge haky bardyr. IV bölüm. IŞ ÝERINE ÝЕTIRILENDE WE HYZMAT ЕDILENDE ALYJYLARYŇ HUKUGYNY GORAMAK 19-njy madda. Ýerine ýetirijiniň işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek barada şertnama baglaşmak borjy 13

14 Ýerine ýetiriji özüniň ustawda bellenen işiniň çäklerinde işleri ýerine ýetirmek ýa-da hyzmatlary etmek barada alyjy bilen şertnama baglaşmaga borçludyr. Şunda ol özüniň önümçilik ýa-da gaýry hojalyk işini guranda, graždanlaryň isleglerini degerli suratda hem bökdençsiz kanagatlandyrar ýaly edip guramalydyr nji madda. Durmuş hyzmaty we hyzmatyň başga görnüşleri baradaky kadalar Durmuş hyzmaty we hyzmatyň başga gornüşleri (işleriň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmek, hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşlerini etmek) baradaky kadalary Türkmenistanyň Ministrler kabineti tassyklaýar. 21-nji madda. Işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlary etmegiň, möhletleri Ýerine ýetiriji işleriň aýry-aýry görnüşleri baradaky kadalarda ýa-da şertnamada bellenen möhletde işi ýerine ýetirmäge (hyzmat etmäge) borçludyr. Eger şol kadalarda işleri ýerine ýetirmegiň (hyzmatlary etmegiň) möhleti göz öňünde tutulmadyk bolsa, ol şertnamada göz öňünde tutulyp bilner, şeýle hem şol kadalarda bellenen möhletden az dowamly möhlet bellenilip bilner. 22-nji madda. Işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek möhletleriniň bozulmagynyň getirýän netijeleri 1. Eger ýerine ýetiriji işi ýerine ýetirmäge (hyzmaty etmäge) öz wagtynda girişmedik bolsa ýa-da eger iş ýerine ýetirilýän (hyzmat edilýän) wagtynda onuň bellenen möhletde ýerine ýetirilmejekdigi (bitirilmejekdigi) aýdyň bolan bolsa, şeýle hem işi ýerine ýetirmegiň (hyzmaty etmegiň) möhleti geçirilen mahalynda, alyjynyň öz isleýşine görä, aşakdakylara haky bardyr: ýerine ýetiriji işi ýerine ýetirmäge (hyzmaty etmäge) girişer ýaly we (ýa-da) işi ýerine ýetirer (hyzmaty eder) ýaly, oňa täze möhlet bellemäge; işiň ýerine ýetirilmegini (hyzmatyň edilmegini) ýerine ýetirijiniň hasabyna başga bir adama tabşyrmaga; iş (hyzmat) üçin berilýän pul hakynyň azaldylmagyny talap etmäge; şertnamany ýatyrmaga we çekilen zyýanyň öwezini töledip almaga. 2. Ýerine ýetiriji işi ýerine ýetirmäge (hyzmaty etmäge) girişer ýaly we ony tamamlar ýaly alyjynyň bellän täze möhletleri şertnamada görkezilýär. Bellenen täze möhletler bir aýdan köp gijikdirilen mahalynda, alyjynyň şu maddasynyň 1-nji punktunda bellenen başga talaplary bildirmäge haky bardyr. 3. Ýerine ýetirijiniň işi ýerine ýetirmäge (hyzmaty etmäge) öz wagtynda girişmezligi ýa-da işiň gaty haýal alyp barylýanlygy üçin, onuň ýa-da işiň gaty haýal alnyp barylýanlygy üçin, onuň möhletinde ýerine ýetirilmejekdiginiň gümänsyzlygy sebäpli şertnama ýatyrylan mahalynda ýerine ýetirijiniň işi ýerine ýerine ýetirýärkä

15 (hyzmaty edýärkä) özüniň çykaran harajatlarynyň öwezini talap etmäge, şeýle hem eýýäm ýerine ýetirilen iş (edilen hyzmat) üçin hak talap etmäge haky ýokdur. Şeýle halatlarda hasaplaşyk geçirmegiň tertibiniň aýratynlyklary işleriň (hyzmatlaryň) aýry-aýry görnüşleri hakyndaky kadalarda bellenip bilner. 4. Işi ýerine ýetirmäge (hyzmaty etmäge) başlamak we ony tamamlamak barada bellenen möhletler, şeýle hem şu maddanyň 1-nji punkty esasynda alyjynyň bellän täze möhletleri bozulan mahalynda, ýerine ýetiriji alyja möhleti geçirilen her gün ( eger möhlet sagat hasabynda kesgitlenen bolsa her sagat) üçin işiň (hyzmatyň) gymmatynyň, eger-de işiň (hyzmatyň) gymmaty şertnamada aýratyn kesgitlenmedik bolsa, zakazyň umumy gymmatynyň üç prosenti möçberinden temmi puluny (neustoýksa) töleýär, ýagny işiň ýerine ýetirilip (hyzmatyň edilip) başlanmagyna çenli ýa-da alyjynyň şu maddanyň 1-nji punktunda bellenen başga talaplary bildirmegine çenli bolan döwür üçin töleýär. Alyjynyň töledip alan temmi pulunyň (neustoýkanyň) möçberi işiň (hyzmatyň) aýratyn görnüşiniň gymmatyndan ýa-da eger işiň (hyzmatyň) aýratyn görnüşiniň gymmaty şertnamada görkezilmedik bolsa- zakazyň umumy gymmatyndan ýokary bolmaly däldir. 5. Eger ýerine ýetiriji işi ýerine ýetirmek (hyzmat etmek) möhletiniň geçmegine öňüni alyp bolmajak güýjüň sebäp bolandygyny ýa-da onda alyjynyň günäsiniň bardygyny subut edip bilse, onda alyjynyň şu maddanyň 1-nji punktunda bellenen talaplary kanagatlandyrylmaly däldir. 23-nji madda. Ýerine ýetirilen işde (edilen hyzmatda) kemçilik ýüze çykarylanda alyjynyň hukuklary 1. Alyjynyň ýerine ýetirilen işde (edilen hyzmatda) kemçilik ýüze çykarylan mahalynda öz isleýşine görä, aşakdakylary talap etmäge haky bardyr: Ýerine ýetirilen işdäki (edilen hyzmatdaky) kemçilikleriň mugtuna düzedilmegini; Ýerine ýetirilen iş (edilen hyzmat) üçin berilýän hakyň degişli suratda kemeldilmegini; Şol hildäki birkysymdaş materialdan başga zadyň mugtuna ýasalmagyny ýa-da işiň (geýim ýuwmak, himiki usul bilen arassalamak) gaýtadan ýerine ýetirilmegini, ýa-da şol kemçilikleri öz serişdeleri arkaly ýa-da üçünji bir adamyň serişdeleri arkaly düzetmek üçin çykaran harajatlarynyň öweziniň tölenilmegini. Eger ýerine ýetirilen işdäki (edilen hyzmatdaky) kemçilikleri ýerine ýetiriji bellenen möhletde düzetmedik bolsa, onda alyjynyň şertnamany ýatyrmaga we çekilen zyýanyň öwezini töletdirip almaga haky bardyr. Alyjy ýerine ýetirilen işde (edilen hyzmatda) düýpli kemçilikleri ýa-da şertnamanyň şertlerinden düýpli çykylandygyny ýüze çykaran wagtynda hem onuň şertnemeny ýatyrmaga haky bardyr. 2. Şu maddanyň 1-nji punktunda bellenen talaplar iş (hyzmat) kabul edilen wagtynda ýa-da şol iş ýerine ýetirilip (hyzmat edilip) ýörkä kemçilikler ýüze çykarylan wagtynda bildirilip bilner, kemçilikleri iş kabul edilende ýüze çykarmak 15

16 mümkin bolmadyk mahalynda kepillendirme möhletiniň dowamynda bilidirilip bilner, kepillendirme möhleti bolmadyk wagtynda bolsa- işiň kabul edilen gününden beýläk alty aýyň dowamynda bildirilip bilner. Iş kabul edilende kemçiliklerini ýüze çykarmak mümkin bolmadyk binalardaky ýa-da başga bir gozgalmaýan emläkdäki şol kemçilikler barasyndaky talaplar kepillendirme möhletiniň dowamynda kemçilikler ýüze çykarylan mahalynda, kepillendirme möhleti bolmadyk mahalynda bolsa- işiň kabul edilen gününden beýläk iki ýylyň dowamynda bildirilip bilner. 3. Alyjynyň edilen işdäki kemçilikleri keppillendirme möhletleri gutarandan soň hem mugt düzedip berilmegini talap etmäge haky bardyr. Şeýle talaby, eger ýerine ýetirijiniň günäsi bilen düýpli kemçilikleriň goýberilendigi bellenilen hyzmat ediş möhletiniň dowamynda (hyzmat ediş möhleti bellenmedik halatynda bolsa işiň kabul edilen pursatyndan beýläk on ýylyň dowamynda) ýüze çykarylan bolsa bildirmek bolýar. Eger bu talap şu Kanunyň 23-nji maddasynda bellenen möhletde kanagatlandyrylmadyk bolsa, alyjynyň öz isleýşine görä, aşakdakylardan birini talap etmäge haky bardyr: iş üçin berilmeli puluň degişli suratda kemeldilmegini; kemçilikleri öz serişdeleri ýa-da üçünji bir adamyň serişdeleri bilen düzetmek üçin özüniň çykaran harajatlarynyň öweziniň tölenilmegini; şertnamanyň ýatyrylyp, çekilen zyýanyň öweziniň tölenilmegini. 4. Şu maddanyň 1-nji punktunda bellenen talaplar kepillendirme möhleti gutarandan soň ýa-da şu maddanyň 2-nji we 3-nji punktlarynda göz öňünde tutulan möhletler gutarandan soň on günden gijä goýulman bildirilip bilner. 24-nji madda. Еdilen işdäki (hyzmatdaky) kemçilikleri düzetmegiň möhletleri Iş ýerine ýetirilýärkä (hyzmat edilýärkä) ýüze çykarylan kemçilikler alyjy tarapyndan bellenýän degişli möhletde düzedilmelidir. Ýerine ýetirilen işiň (edilen hyzmatyň) kemçilikleri, eger iş (hyzmat) kabul edilende, şertnamada (talaplaryň ylalaşygynda) ýa-da işleriň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmek (hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşlerini etmek) hakyndaky kadalarda has gysga möhlet bellenmedik bolsa, ýigrimi günüň dowamynda düzedilmelidir. Kemçilikleri düzetmek barada alyjynyň bellän ýa-da talaplaryň ylalaşan möhleti şertnamada ýa-da taraplaryň gol çekýän başga bir dokumentinde bellenilýär. 25-nji madda. Alyjynyň işi ýerine ýetirmek hakyndaky şertnamany ýatyrmak baradaky hukugy Alyjynyň işi ýerine ýetirmek hakyndaky şertnamany islendik wagt ýatyrmaga haky bardyr, şunda ol ýerine ýetirijä ýerine ýetirilen iş üçin berilmeli puly bermelidir hem-de oňa şertnamanyň ýatyrylmagy bilen ýetirilen gös-göni zyýanyň öwezini tölemelidir. 26-njy madda. Ýerine ýetirilýän işleriň smetasy 16

17 17 Şertnamada göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek barada gutarnykly ýa-da takmyny smeta düzülip bilner. Еger alyjy gutarnykly smeta girizilmedik işleriň ýerine ýetirilmegine razylyk bermedik bolsa, onda ýerine ýetirijiniň eden şol işleri we goşmaça çykdajylary üçin hak tölenilmegini talap etmäge haky ýokdur. Eger takmyny smetanyň çykdajylaryny artdyrmak zerurlygy ýüze çykan bolsa, ýerine ýetiriji bu barada haýal etmän alyja habar etmäge borçludyr. Şeýle halatda alyjy ýerine ýetirijiniň ýerine ýetirilen iş üçin çeken çykdajylaryny ilki başda kesgitlenen smeta laýyklykda töläp, şertnamadan ýöz döndermäge haklydyr. Eger ýerine ýetiriji takmyny smetanyň artdyrylýandygyny alyja duýdurmasa, onda ýerine ýetiriji smetadan artyk edilen çykdajylaryň öweziniň tölenilmegini talap etmezden işi ýerine ýetirmage borçludyr. 27-nji madda. Ýerine ýetirijiniň materiallaryndan işi ýerine ýetirmek Ýerine ýetiriji şertnamada kesgitlenen işi (eger alyjy işi öz materialyndan ýerine ýetirmegi talap etmeýän bolsa) öz materialyndan we öz serişdeleri arkaly ýerine ýetirmäge borçludyr. Işi öz materialyndan ýerine ýetiririji onuň hiliniň talaba laýyk bolmagy barada jogapkärçilik çekýär. Ýerine ýetirijiniň materialynyň hakyny alyjy şertnama baglaşanda doly möçberde ýa-da işleriň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmek hakyndaky kadalarda ýa şertnamada görkezilen möçberde töleýär hem-de alyjy ýerine ýetirijiniň ýerine ýetiren işini alandan soň (eger taraplaryň ylalaşygynda ýerine ýetirijiniň materialy üçin hasaplaşmagyň başga hili tertibi göz öňünde tutulmadyk bolsa) gutarnykly hasaplaşyk geçirilýär. Kadalarda ýa-da şertnamada göz oňünde tutulan halatlarda, materialy ýerine ýetiriji karzyna (kredit) berip biler. Karzyna berlen materialyň bahasy soňra üýtgän wagtynda, ol täzeden hasaplanylmagyna eltmeýär. Ýerine ýetirijiniň materiallaryny hem-de işi ýerine ýetirmek üçin zerur bolan tehniki serişdeleri, gurallary we gaýry şoňa meňzeş zatlary işiň ýerine ýetirilýän ýerine onuň özi eltýär. 28-nji madda. Alyjynyň materiallaryndan (zadyndan) işi ýerine ýetirmek Еger işi alyjynyň materialyndan (zadyndan) doly ýa-da kem-käsleýin ýerine ýetirilýän bolsa, ýerine ýetiriji şol materialyň (zadyň) abat saklanmagy, onuň dogry ulanylmagy barada jogapkärçilik çekýär. Ýerine ýetiriji aşakdakylara borçludyr: alyjynyň özüne beren materialynyň (zadynyň) ulanmaga ýaramaýandygyny ýada hiliniň ýaramazdygyny oňa duýdurmaga; materialyň sarp edilişi hakyndaky hasabaty bermäge we galan materialy alyja gaýtaryp bermäge.

18 Alyjydan kabul edilip alnan material (zat) doly ýa kem-käsleýin ýitirilen (zaýalanan) mahalynda ýerine ýetiriji ony üç günüň içinde şoňa meňzeş hildäki öňkä kysymdaş material bilen çalyşmaga, şeýle material bolmadyk wagtynda bolsa alyja ýitirilen (zaýalanan) materialyň (zadyň) iki essa gymmatyny hem-de alyjynyň çykaran çykdajylaryny tölemeldidir. Alyjynyň materialy doly ýa-da kem-käsleýin ýitirilen (zaýalanan) mahalynda, ýerine ýetirji alyjynyň islegine görä, şertnamany haýal etmän täzeden baglaşmaga hem-de tehniki taýdan mümkin bolan gysga wagtyň içinde öňkä kysymdaş materialdan (zatdan) taýýarlamaga borçludyr. Eger ýerine ýetiriji materialyň (zadyň) ýitmegine (zaýalanmagyna) getirip biljek aýratyn sypatynyň bardygyny alyja duýduran bolsa, onda ýerine ýetiriji alyjydan kabul edip alan şol materialyň (zadyň) doly ýa-da kem-käsleýin ýitirilmegi(zaýalanmagy) üçin jogapkärçilik çskmekden boşadylýar. Ýerine ýetirijiniň ýokarda görkezilen sypatlary bilmezligi ony jogapkärçilik çekmekden boşatmaýar. Ýerine ýetirijä berilýän materialyň gymmatyny alyjy şertnamada ýa-da şertnamanyň baglaşylandygyny tassyklaýan başga dokumentde (kwitansiýada, zakazda) kesgitleýär. 29-njy madda. Ýerine ýetirilýän işiň ýaramlylygyna we pugtalygyna howp salýan ýagdaýlar hakynda ýerine ýetirijiniň alyjyny habarly etmek borjy Ýerine ýetiriji alyjynyň beren görkezmeleriniň berjaý edilmeginiň hem-de alyja bagly bolan gaýry ýagdaýlaryň ýerine ýetirilýän işiň ýaramlylygyna hem-de pugtalygyna howp salýandyny alyja öz wagtynda duýdurmaga borçludyr. Еger alyjy ýerine ýetirijiniň öz wagtynda we esaslandyryp duýduruş edendigine garamazdan, ulanmaga ýaramaýan ýa-da hili ýaramaz materialy degişli möhletde çalşyrmasa, işi ýerine ýetirmegiň usuly baradaky görkezmesini üýtgetmese ýa-da işiň ýaramlylygyna we pugtalygyna howp salýan gaýry ýagdaýlary düzetmese, ýerine ýetirjiniň şertnamany ýatyrmaga we ýertirilen zyýanyň öwezini töledip almaga haky bardyr. 30-njy madda. Ýerine ýetirilen iş (edilen hyzmat) üçin hak tölemegiň formasy we tertibi Ýerine ýetirilen iş üçin hak tölemegiň (nagt ýa-da nagt däl tertipde) formasy alyjy bilen ýerine ýetirijiniň arasynda ylalaşylmagy esasynda kesgitlenilýär. Еger şertnamada başga hili bellenmedik bolsa, alyjy ýerine ýetirijiniň ýerine ýetiren işi (eden hyzmaty) üçin haky şol iş doly möçberde tabşyrylandan soň tölemäge borçludyr. Işiň ýerine ýetirilmegi (hyzmat edilmegi), şeýle hem ýerine ýetirijä materiallaryň karzyna berilmegi işleriň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmek (hyzmatlaryň aýryaýry görnüşlerini etmek) hakyndaky kadalarda bellenen tertipde amala aşyrylýar. Iş karzyna ýerine ýetirilende alyjyda şol işiň netijelerine bolan eýeçilik hukugy onuň şol işi kabul eden pursatyndan döreýär. 18

19 19 31-nji madda. Hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşlerini düzgünleşdirmek Еger hyzmat etmek hakyndaky şertamanyň şertleriniň bozulmagynyň getiren netijeleri öz häsiýeti boýunça şu bölümiň täsirine düşmeýän bolsa, onda ol Türkmenistanyň kanunlary arkaly kesgitlenilýär. V bölüm. ALYJYNYŇ HUKUGYNYŇ DÖWL ЕT WE JEMGYÝETÇILIK TARAPYNDAN GORALMAGY 32-nji madda. Alyjylaryň hukugynyň döwlet tarapyndan goralmagy 1. Döwlet graždanlara olaryň alyjylar hökmünde ykdysady bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýär, harytlary (işleri, hyzmatlary), şeýle hem olary taýýarlaýjylary (ýerine ýetirijileri, satjyjlary) erkin saýlap-seçip almak, harytlar satyn alnanda we ulanylanda özbaşdak karara gelip biler ýaly zerur maglumatlary almak mümkinçiligi berýär. 2.Graždanlaryň alyjylar hökmünde hukugynyň döwlet tarapyndan goralmagyny ýörite ygtyýarly organlar, ýerlerdäki ýerine ýetiriji häkimiýet organlary, şeýle hem sud amala aşyrýar. 33-nji madda. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) alyjy üçin howpsuzlygyna kontrollyk edýän döwlet dolandyryş organlarynyň ygtyýarlary 1. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugy hem-de harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygyna kontrlollyk edýän beýleki döwleti dolandyryş organlary özleriniň ygtyýarlarynyň çäklerinde: Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygy baradaky hökmany talaplary belleýärler hem-de şol talaplaryň berjaý edilşine kontrollyk edýärler; Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygy baradaky hökmany talaplaryň, standartlaryň berjäý edilşine kontrollyk etmek üçin taýýarlaýjylary, ýerine ýetirijileri we satyjylary habarly etmän, hiç bir päsgelçiliksiz olaryň ýanyna baryp, aýlanyp görýärler; harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygy baradaky talaplaryň bozulmalaryny aradan aýyrmak, şeýle harytlary (işleri, hyzmatlary) önümçilikden aýyrmak, olaryň çykarylmagyny we satylmagyny bes etmek, olary alyjylardan yzyna almak hakynda, şeýle hem bu barada alyjylary habarly etmek hakynda görkezmeler iberýärler; taýýarlaýjylar (ýerine ýetirijiler, satyjylar) harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygy baradaky talaplary bozan mahalynda, olar barada suda hak islegini (talapnama) bildirýärler.

20 2. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygyna kontrollyk edýän döwlet dolandyryş organlarynyň bu babatdaky işini jemläp ugrukdyrmak işi «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň we Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň üstüne ýüklenýär. 3. «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) sertifikasiýasy baradaky döwlet organy hasaplanýar we ol öz wezipelerini Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. 34-nji madda. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) alyjy üçin howpsuzlygyna kontrollyk edýän döwlet dolandyryş organlarynyň temmi çäreleri 1. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygyna kontrollyk edýän «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugy özüniň ygtyýarlarynyň çäklerinde kanunda bellenen tertipde jerime salmaga haky bardyr: onuň görkezmelerini taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji, satjyj) ýerine ýetirmekden boýun gaçyran ýa-da öz wagtynda ýerine ýetirmedik halatynda; howpsuzlyk barada bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän harytlar (işler, hyzmatlar) bilen alyjylara zyýan ýetirilen halatynda; sertifikasiýa baradaky organlar, synag laboratoriýalary (merkezleri) tarapyndan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň,) sertifikasiýasy kadalary bozulan halatynda. 2. Kärhanalaryň, sertifikasiýa baradaky organlary ýolbaşçylary, taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji, satyjy) bolup durýan fiziki taraplar şu maddanyň 1-nji punktunda göz öňünde tutulan düzgün bozmalar üçin Adminstratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky kodekse laýyklykda jogapkärçilik çekýärler. 3. Harytlary (işleri, hyzmatlary) taýýarlaýjylar (ýerine ýetirijiler, satyjylar) «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň hem-de harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) howpsuzlygyna kontrollyk edýän beýleki organlaryň görkezmelerini doly ýa-da kem-käsleýin hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda ýa-da jerime salmak baradaky kararlary ýatyrmak we üýtgetmek hakynda suda arz etmäge haklydyrlar. Еger sud ýokarda görkezilen aktlaryň ýerine ýetirilmegini togtatmak hakynda kesgitnama çykarmadyk bolsa, onda arza berilmegi şol görkezmä suda garalýan döwründe onuň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar. 35-nji madda. Ýerlerdäki ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynyň ýanyndaky alyjylaryň hukugyny goramak baradaky organlar Ýerlerdäki ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolamdyryş organlary alyjylaryň hukugyny goramak baradaky organlary döredip bilýärler. 20